Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany açdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Eswatini Patyşalygynyň Söwda, senagat we söwda ministri hormatly Manqoba Khumalo, Söwda, senagat we söwda ministrliginiň Baş sekretary (Principal Secretary) Melusi Masuku, şeýle hem Patyşalyk Ylym we tehnologiýa seýilgähiniň (Royal Science and Technology Park – RSTP) baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Madoda Mdziniso bar. Bu taryhy ädime mundan öň ýene-de bir ähmiýetli waka badalga berdi. 2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Eswatini Patyşalygynda esaslandyryjysy «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy bolan iki sany täze kärhananyň açylyş dabarasy geçirildi. Her iki taslama hem Alyhezretleri Patyşa Mswati III-iň ýokary ak patasyna we makullamagyna eýe bolup, bu başlangyçlaryň Patyşalyk üçin aýratyn döwlet ähmiýetine eýedigini tassyklaýar. Ilkinji kärhana — «Aýdyň Gijeler Eswatini» — Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin ID kartlaryny we biometrik pasportlary ornaşdyrmak hem-de üpjün etmek bilen meşgullanar. Bu ugruň işe girizilmegi milli şahsyýeti kesgitlemek ulgamyny häzirki zaman tehnologik derejesine çykarar we ýurduň raýatlaryny howpsuzlyk hem-de hil boýunça iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ygtybarly resminamalar bilen üpjün eder. Ikinji kärhana — «Eswatini Quantum Works» — infrastruktura we elektrotehniki önümleri öndürmek boýunça ýöriteleşer. Önümçilik kuwwatlyklarynda elektrik kabellerini, yşyklandyryş sütünlerini, ýol hereketini sazlaýjy yşyklary, ýol belgilerini, ýol gorag päsgelçiliklerini hem-de elektron enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär. Täze zawodyň işi Eswatini Patyşalygynyň ulag, energetika we şäher infrastrukturasynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ýerli üpjünçilik zynjyrynyň emele getirilmegine uly goşant goşar. Wakanyň aýratyn ähmiýetini has-da artdyrýan ýagdaý, iki kärhananyň hem açylmagynyň Alyhezretleri Patyşa Mswati III-iň şahsy razyçylygy we goldawy netijesinde mümkin bolmagydyr. Taslamalaryň ýokary derejede makullanylmagy «Aýdyň Gijeler» kompaniýasyna iri möçberli milli derejeli başlangyçlary durmuşa geçirmäge ukyply ygtybarly strategik hyzmatdaş hökmünde bildirilýän ynamyň beýanydyr. Bu taryhy üstünlikleriň ählisi ilkinji nobatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan parasatly döwlet syýasaty we edýän yzygiderli aladalary netijesinde mümkin boldy. Hut olaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we milli kompaniýalary dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde häzirki wagtda türkmen işewürligi täze sepgitlere ynamly gadam basyp, Afrika yklymynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýär. Iki kärhananyň bir wagtda açylmagy diňe bir «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň halkara giňişligindäki ornuny berkitmekde möhüm ädim bolman, eýsem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyryna öwrülýär. Döwlet şahsyýetini kesgitlemek ulgamy we infrastruktura ösüşi ýaly örän möhüm hem-de strategik ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek, tehnologiýa alyşmak we bilelikdäki maýa goýumlary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy türkmen işewürligini yzygiderli goldaýandyklary üçin Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Alyhezretleri Patyşa Mswati III-e, Eswatini Patyşalygynyň Hökümetine we bu taryhy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam beren ähli hyzmatdaşlara çuňňur hoşallygyny bildirýär. Biz «Aýdyň Gijeler Eswatini» hem-de «Eswatini Quantum Works» kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň öňdebaryjy güýçlerine öwrüljekdigine hem-de Eswatini Patyşalygynyň raýatlaryna hakyky peýda getirjekdigine berk ynanýarys.