«Aýdyň Gijeler» we Eswatini Patyşalygy strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýar
Abu-Dabi, 2026-njy ýylyň 28–29-njy maýy Abu-Dabi şäherinde Eswatini Patyşalygynyň Mertebeli Patyşasy Mswati III «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdurahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul edip, gepleşik geçirdi. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde täze nesil goragly resminamalary we ýokary tehnologiýaly önümleri ibermek babatda iri möçberli bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek boýunça düýpli ylalaşyklar gazanyldy. Mertebeli Patyşa bilen duşuşyk 2026-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Mertebeli Patyşa Mswati III Eswatini Patyşalygynyň raýatlary üçin 1 500 000 sany milli şahsyýetnama kartyny we 500 000-den gowrak biometrik pasporty öndürmegi hem-de ibermegi göz öňünde tutýan bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu resminamalar Ýewropanyň Austrian Cards öndürijisiniň ýokary derejede goralan çip platformasynyň esasynda, ICAO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kriptografik hem-de biometrik tehnologiýalary ulanmak arkaly taýýarlanylar. Duşuşyga eswatini tarapyndan Patyşalygyň döwlet ýolbaşçylygynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Gazanylan ylalaşyklar strategik häsiýete eýedir we Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda sanly şahsyýetnama, resminama dolanyşygy, telekommunikasiýa, yşyklandyryş tehnikasy, ýol infrastrukturasy we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uzak möhletli institusional hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýar. Patyşalygyň Hökümetiniň agzalary bilen gepleşikler Iş saparynyň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» wekiliýeti Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministri, Içeri işler ministri hem-de Söwda we senagat ministri bilen aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar taslamany durmuşa geçirmegiň amaly meselelerini, tehniki aýratynlyklary ylalaşmagy, üpjünçilik tertibini, şeýle hem Patyşalygyň milli kanunçylygyna we taraplaryň halkara borçnamalaryna laýyklykda şertnama-hukuk binýadyny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taryhy çözgüt: Eswatininiň çäginde önümçilik Gepleşikleriň esasy netijeleriniň biri Mertebeli Patyşa Mswati III-niň şahsy tabşyrygy boýunça «Aýdyň Gijeler» kärhanasyna Patyşalygyň çäginde öz önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek üçin 4 gektar ýer böleginiň bölünip berilmegi boldy. Bu çözgüt türkmen-eswatini hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarýar we türkmen hususy pudagynyň Afrika yklymyndaky gatnaşygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Aýdyň Gijeler» Türkmenistanyň hususy pudagynyň Eswatini Patyşalygy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan ilkinji kärhanasy bolmagyna buýsanýar we şeýlelikde türkmen-eswatini söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady goýýar. Hoşallyk «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti bildirilen ynam we goldaw üçin Eswatini Patyşalygynyň Mertebeli Patyşasy Mswati III-ä hem-de Patyşalygyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär. Aýratyn hoşallyk sözleri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza aýdylýar — olaryň milli telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge gönükdirilen parasatly döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bähbidine şeýle taryhy üstünlikleriň gazanylmagy üçin ygtybarly binýady döredýär.