«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýetiniň Hytaýa iş sapary
2026-njy ýylyň 9-15-nji maýy aralygynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Saparyň esasy maksady — dünýäniň öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny ýerinde öwrenmek hem-de kärhanamyzyň çäginde işe giriziljek täze önümçilikler boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy. INSPUR GROUP CO., LTD. (Şandun welaýaty) Wekiliýet Şandun welaýatynda ýerleşýän «INSPUR GROUP CO., LTD.» korporasiýasynyň görkeziş zalyna baryp gördi. Duşuşyk korporasiýanyň wise-prezidenti jenap Sami Feng bilen geçirildi. Onuň dowamynda 2025-nji ýylda bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň netijeleri jemlenip, geljekki iş ugurlary kesgitlenildi. Esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler: • emeli aň (AI) tehnologiýalaryny döwlet hyzmatlaryna, nebitgaz, himiýa we senagat pudaklaryna ornaşdyrmak; • «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda elektron hasaplaýjy enjamlary we akylly awtoduralgalary ýola goýmak; • häzirki zaman maglumat merkezleriniň (Data Center) we serwer önümçiliginiň tejribesini öwrenmek; • bu ugurlar boýunça ýerli hünärmenleri taýýarlamak. SHENZHEN UNILUMIN GROUP CO., LTD. 2025-nji ýylyň jemleri seljerildi hem-de 2026-njy ýyl üçin täze taslamalary durmuşa geçirmek, bilelikde halkara sergileri we ylmy-tehniki maslahatlary geçirmek babatda ylalaşyk gazanyldy. SHENZHEN ALONG ELECTRONICS CO., LTD. Türkmenistanda akylly telefonlaryň, planşetleriň we Android esasly enjamlaryň elektron platalarynyň önümçiligini ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işde Ýaponiýanyň we Koreýanyň SMT tehnologiýasyny ulanmak göz öňünde tutulýar. FOSHAN JOPAR MACHINERY CO., LTD. / YAOLONG GROUP CO., LTD. Bu duşuşyklaryň esasy maksady — kärhanamyzyň çäginde işe giriziljek gyzgyn sinkleme sehi, ýol gorag barýerleri, profnastil (demir şifer) üçek örtükleri, polat turbalar we profiller boýunça önümçilik liniýalary üçin zerur bolan tehnologiýalary ýerinde öwrenmek boldy. Wekiliýet önümçilik sehlerine baryp gördi, degişli resminamalara gol çekildi. Iş sapary «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we täze önümçilikleriň ýola goýulmagynda nobatdaky uly ädim boldy.