“Aýdyň Gijeler” Hojalyk Jemgyýeti şu ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçirilen “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin”
Atly halkara sergi we ýarmarkasyna uly gyzyklanma bildirip, çagalaryň bagtyýar geljegi üçin döwrebap çözgütleriň baş hemaýatkärliginde! Biz “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergisiniň baş hemaýatkärleri bolmagy buýsanç bilen yglan edýäris! Çagalaryň saglygy, howpsuzlygy we şatlygy-biziň esasy maksadymyz. Kids expo sergisine baş hemaýatkär hökmünde gatnaşyp ýaş nesil üçin iň gowy we öňdebaryjy tehnologiýalary hödürleýäris! Biz öz önümlerimizi sergä gatnaşyjylara we myhmanlara giňden tanyşdyrmak, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen önümçiligimiziň mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen, sergide öz pawilionymyz bilen çykyş etýäris. 1. “Smart howpsuzlyk ulgamy: Çagalar üçin Akylly gulplar” “Aýdyň Gijeler” Hojalyk Jemgyýeti täze önüm çykarmagy meýilleşdirýär. Ol çagalaryň öýdäki howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, öňdebaryjy tehnologiýaly akylly gulplary hödürleýär. Biziň önümlerimiz diňe bir ýokary takykly barmak yzy (fingerprint) skanerleri bilen çäklenmän, multifunksional görnüşde ýagny (kart, kod, wifi) bilen üpjün edilendir. Çagalar üçin ýöriteleşdirilen gorag: rugsatsyz girişleriň öňüni almak we çagalaryň howpsuzlygyny doly gözegçilikde saklamak üçin döredilen ýörite enjamdyr. Beýleki tarapdan bolsa, smart gulp, çagalaryň özbaşdak çykmagynyň öňüni almak ýa-da gije-gündiz gözegçiligini ýola goýmak üçin ýokary derejeli gorag enjamy bolup hyzmat eder. SOS funksiýasy: Adatdan daşary ýagdaýda (meselem: ýangyn ýa-da howply ýagdaý ) bolanda dessine açylýan funksiýaly görnüşde taýarlamak mümkinçiligimiz bolan halatynda, ýurdumyzda hossarlyga we howandarlyga mätaç çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny hem-de jemgyýetde doly derejeli asudalygyny üpjün etmek boýunça Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat işleriniň bejeriş işleri boýunça wise-Prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň alyp barýan ynsanperwer maksatnamalararyna eýerip önümçiligimize täze harytlary önüdürmegi maksat edinýäris! Biz önümi satmak bilen çäklenmän, ony müşderileriň öýlerinde hünär derejesinde gurnap bermek we tehniki hyzmatlaryny hem ýerine ýetirip bilers. (tölegli esasyn-da) Bu tehnologiýa, ene-atalara öz çagalarynyň howpsuzlygy barada alada etmezlige we öýleriniň goraglygyny iň ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy lukmançylyk merkezleriniň, şol sanda çagalar stomatologiýalarynyň sany barha artýar. Çagalar üçin diş bejeriş dowamlylygy köplenç gorkuly we stresli pursat bolup durýar. Bu ýagdaýy ýeňilleşdirmek we çagalaryň bejeriş wagtyny rahat geçirmegini gazanmak üçin dünýä tejribesinden ugur alyp, giňden ulanylýan “Multifunksional diş bejeriş monitorlaryny”(Multifilm panellerini) ýerli önümçilige girizmegi teklip berýärin. Stamotologik kliniklaalarda çaganyň ünsüni sowmak üçin ýörite enjamlara bolan isleg ýokarydyr. Monitorlaryň diş bejeriş kürsilerine (kreslolaryna) göniden-göni birikdirilip, çaganyň gözüniň derejesine laýyk gelýän görnüşde gurnamagy amala aşyrmagy ýola goýmak. 2. Ikinji möhüm täzelik birinji synp okuwçylary üçin niýetlenen noutbuklaryň täzelenen nusgalary boldy. 2022-nji ýyldan bäri «Aýdyň Gijeler» döwlet buýurmasy esasynda bu enjamlary her ýyl öndürýär — şu döwrüň içinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna 300 müňden gowrak noutbuk gowşuryldy. Ýüz müňlerçe çaga üçin şeýle noutbuk bilim dünýäsine açylýan ilkinji şahsy «penjire» bolup hyzmat edýär, biz bu jogapkärçilige uly çynlakaýlyk bilen çemeleşýäris.Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olaryň döwrebap we oňaýly şertlerde bilim almagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan sanly bilim gurşawyny döretmek maksadyna laýyklykda, çagalar baglarynda we mekdebe çenli taýýarlaýan okuw merkezlerinde proýektorlaryň interaktiw mümkinçiliklerinden peýdalanyp, häzirki wagtda giňden ulanylýan we çagalara görkezilýän telewizorlaryň ornuna, göz üçin howpsuz bolan proýektor ulgamlaryny önümçilige girizmegi ýola goýmak. Saglygy goraýjy tehnologiýa: Telewizor ekranlarynyň göni ýagtylygy çagalaryň gözüniň görejine ýaramaz täsir edip bilýär. Şonuň üçin ýagtylygy diwara gaýtaryp berýän ulgamlarynyň ulanylmagy, çagalaryň gözüni goramakda iň ygtybarly usul hasaplanýar. Maksatlaýyn programma üpjünçiligi: Täze önüm -Proýektlaryň içinde diňe terbiýeçilik ähmiýetli, çagalar üçin howpsuz we gözegçilik edilýän multifilmleriň bazasyny ýüklemek bolar. Hyzmatdaşlyk: Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” kanuna hem-de Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna “Aýdyň Gijeler” Hojalyk Jemgyýetiniň adyndan oňyn goşantlarymyzy goşup, “Sagdyn geljege tarap” şygary bilen, bazara çykarylanda birnäçe uly üstünliklere eýe boljakdygymyza ynanýaryn!