«Aýdyň gijeler» — «White City Ashgabat 2026» halkara sergisiniň we maslahatynyň Altyn hemaýatkäri
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti «White City Ashgabat 2026» (WCA 2026) XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň Altyn hemaýatkäri (Gold Sponsor) hökmünde çykyş edýär. Bu çäre Türkmenistanyň esasy işewürlik forumlarynyň biri bolup, binagärlik, innowasiýalar we döwrebap şäherleriň durnukly ösüşi ugurlarynda iş alyp barýan öňdebaryjy hünärmenleri, döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemleýär. Kärhananyň şeýle ähmiýetli halkara çärä gatnaşmagy onuň ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologik we senagat kärhanalarynyň biri hökmündäki ornuny tassyklaýar. Kärhana milli önümçiligi ösdürmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga yzygiderli goşant goşýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri öz işini alyp barýar we halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy esaslandyrylan hem-de uzakgörümli syýasaty durmuşa geçirýär. Şu güne çenli kärhananyň önümçilik kuwwatlyklary bäş gektardan gowrak meýdany eýeleýär, bu bolsa ony ýurdumyzyň iri senagat meýdançalarynyň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň düzüminde ondan gowrak döwrebap önümçilik sehi hereket edýär we olarda iki ýüzden gowrak görnüşli elektrotehniki we elektron önümleri öndürilýär. Kärhananyň önümçilik maksatnamasy giň ugurlary öz içine alýar. Durmuş we kompýuter elektronikasy ugrunda dürli ölçegli suwuk kristally ekranly telewizorlar, monobloklar, noutbuklar — şol sanda başlangyç synp okuwçylary üçin niýetlenen we döwlet buýurmasy esasynda öndürilýänler — hem-de planşet kompýuterler öndürilýär. Esasy ugurlaryň biri hökmünde şäher we ýol infrastrukturasynyň elementleriniň — köçe yşyklandyryş sütünleriniň, dürli maksatly çyralaryň, swetoforlaryň, ýol belgileriniň, germewleriň we tutawaçlaryň önümçiligi alnyp barylýar. Önüm hataryndaky aýratyn orny yşyklandyryş tehnikasy eýeleýär: dürli kuwwatdaky we maksatly energiýa tygşytlaýjy hem-de ekologiýa taýdan howpsuz LED çyralar öndürilýär. Şeýle hem kärhana kabel-geçiriji önümleri — energetika, gurluşyk we senagat ugurlarynda uly islegden peýdalanýan mis we alýumin kabellerini öndürýär. Halkara howpsuzlyk ölçeglerine laýyk gelýän bank kartlarynyň we SIM kartlaryň, şeýle hem bankomatlar, kassa enjamlary we töleg terminallary üçin niýetlenen termokagyzyň önümçiligi ýola goýuldy. Önümçilik işinden başga-da, «Aýdyň gijeler» bankomatlary, serwer we tor enjamlaryny üpjün etmek, işe girizmek hem-de olara hyzmat etmek işlerini alyp barýar, şeýlelik bilen maliýe we maglumat-tehnologik infrastrukturanyň durnukly işlemegini üpjün edýär. Aýratyn ugurlaryň biri hökmünde köçe yşyklandyryş ulgamlaryny taslamak, gurnamak we tehniki taýdan abatlamak işleri amala aşyrylýar. Sergi çäklerinde «Aýdyň gijeler» kärhanasynyň ekspozisiýasynyň düzüminde 2025-nji ýylyň maý aýynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekilen Unilumin kompaniýasynyň stendi hem görkezildi. Geçen ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyk öz ilkinji anyk netijelerini berdi — Aşgabadyň binagärlik estetikasy göz öňünde tutulyp, ak mermer teksturaly innowasion U-Natural AK MERMER LED ekrany bilelikde işlenip düzüldi. Nano-optiki tekstura tehnologiýasynyň netijesinde ekran öçürilen wagty bezeg häsiýetli mermer ýüzünden görnüşi boýunça tapawutlanmaýar, açylan wagty bolsa ýokary takyklykly we baý reňk öwüşginli sanly diwara öwrülýär. Full Flip-chip COB tehnologiýasynyň ulanylmagy ýüzüň berkligini (3H gatylyk), gidrofob hem-de şöhle siňdiriji örtügi, giň görüş burçuny we pes energiýa sarp edilmegini üpjün edýär. Bu çözgüt premium giňişlikler — myhmanhana lobbileri, dükanlar, awtoulag tejribe merkezleri, sergi hem-de sungat zallary üçin örän amatly bolup, sanly tehnologiýany döwrebap Türkmenistanyň ak mermer binagärligi bilen utgaşdyrýar. «White City Ashgabat 2026» halkara sergisiniň Altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek kärhananyň Türkmenistanyň tehnologik ösüşiniň maksatlaryna wepalydygyny görkezýär we onuň döwlet hem-de täjirçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny tassyklaýar. «Biziň innowasiýalarymyz — siziň hyzmatyňyzda» şygary astynda kärhana ýurdumyzyň senagat kuwwatyny berkitmäge hem-de milli önümleriň içerki we halkara bazarlardaky ornuny giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etdirýär.