Biz howpsuzlygy, amatlylygy we maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edýän häzirki zaman bank kartlaryny öndürýäris. Kartlarymyz aragatnaşyksyz töleg tehnologiýalaryny, EMV çiplerini we brendiňiz üçin aýratyn dizaýny goldaýar.
Aýdyň Gijeler Türkmenistandaky ähli ýerli öýjükli operatorlar üçin SIM kartlary goýberýär. Önümlerimiz 4G we 5G standartlaryny goldaýan ygtybarly aragatnaşyk we ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýär.
Biz köçe yşyklandyryşy, elektrik toguny geçiriş liniýalary we beýleki infrastruktura taslamalary üçin metal we kompozit sütünleri öndürýäris. Her sütün buýrujynyň talaplaryny we howa şertlerini göz öňünde tutup öndürilýär.
Aýdyň Gijeler ýollarda howpsuzlygy we netijeliligi üpjün etmek bilen, ýol hereketini düzgünleşdirmek üçin ýol yşyklandyryş çyralaryny öndürýär. Ýol yşyklandyryş çyralarymyz öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we islendik howa şertlerinde uzak möhletli işlemek üçin niýetlenendir.
LED çyralarymyz köçeler, edara jaýlar, öýler we önümçilik desgalary üçin ýagty we tygşytly yşyklandyryşy üpjün edýär. Biz energiýa sarp edilişini azaldýan we birnäçe ýyllap hyzmat edýän çözgütleri hödürleýäris.
Biz energetika, gurluşyk we senagat üçin ýokary hilli alýuminiý we mis kabelleri öndürýäris. Önümlerimiz berk hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär.
Aýdyň Gijeler stili, öndürijiligi we elýeterliligi utgaşdyrýan telewizorlary, noutbuklary we monobloklary öndürýär. Enjamlarymyz iş, okuw we dynç alyş üçin örän gow ygabat gelýär.
Biz öňdebaryjy dünýä brendlerinden serwer enjamlaryny, tor enjamlaryny we faýerwollary üpjün edýäris. Biziň çözgütlerimiz ygtybarly we netijeli IT infrastrukturasyny gurmaga kömek edýär.
Yşyklandyryş sütünlerini gurnamak we hyzmat etmek. Biz köçe yşyklandyryş ulgamlarynyň taslamasyny düzmekde, gurnamakda we tehniki hyzmat etmekde ýöriteleşýäris. Häzirki zaman ýagtylyk diodly çözgütlerinden başlap, nusgawy çyralara çenli – biz ýollarda, seýilgählerde we ýaşaýyş ýerlerinde ýagtylygy we howpsuzlygy üpjün edýäris.
Ýol yşyklandyryş çyralaryny gurnamak we sazlamak. Biziň hünärmenlerimiz, ýol hereketini netijeli dolandyrmaga we çatryklarda howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam edýän ýol yşylandyryş çyralarynyň ulgamlaryny gurnaýarlar we hyzmaet edýärler.
Enjamlary gurnamak we sökmek. Biz turniketler, girişe gözegçilik ulgamlary, wideo gözegçilik kameralary we beýleki enjamlary öz içine alýan enjamlaryň giň geriminiň professional gurnamak we sökmek bilen meşgullanýarys. Takyklygy, ygtybarlylygy we ähli tehniki standartlary berjaý etmegi kepillendirýäris.
Sütünleriň durkuny täzelemek we dikeltmek. Toparymyz köne yşyklandyryş sütünlerini dikeltmek we reňklemek, olara estetiki görnüşini yzyna gaýtarmak we hyzmat ediş möhletini uzaltmak bilen meşgullanýar. Täzelenenden soň, olaryň örän gowy ýerleşdirilmegini üpjün edip, olary täzeden ýygnaýarys.
Gurluşyk işleri. Biz infrastruktura desgalarynyň gurluşygyndan başlap, sebitleriň abadanlaşdyrylyşyna çenli dürli çylşyrymlykly gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýäris. Her taslama, müşderiniň aýratyn talaplaryny we häzirki zaman hil standartlaryny göz öňünde tutup amala aşyrylýar.