Pakistanyň wekiliýeti «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik işi bilen tanyşdy
Pakistan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň hem-de resmi edaralarynyň wekilleri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde iş saparynda boldular. Sapar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde guraldy. Myhmanlar kärhananyň esasy önümleri görkezilýän sergi zaly bilen tanyşdyryldy. Tanyşlygyň dowamynda kärhananyň hünärmenleri tehnologik işler, ulanylýan enjamlar we önümiň hil gözegçiligi ulgamy barada gürrüň berdiler, şeýle hem önümçilik kuwwaty we önümleri ibermek mümkinçilikleri bilen baglanyşykly soraglara jogap berdiler. Wekiliýet kabel önümlerine, plastik kartlara, telewizorlara we planşetlere aýratyn gyzyklanma bildirdi. Tanyşlykdan soň geçirilen söhbetdeşlikde taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny — ilkinji nobatda taýýar önümleri ibermegi hem-de aýratyn haryt toparlary boýunça bilelikde işlemegi — ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk mümkinçiliklerini öwrenmegi dowam etdirmäge hem-de mundan beýläk-de aragatnaşykda bolmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Şu ýyl «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti üçin aýratyn ähmiýete eýedir: kärhana öz işiniň on ýyllygyny belleýär. 2016-njy ýylda döredilen kärhana işine LED çyralary öndürmekden başlady. Geçen on ýylyň dowamynda öndürilýän önümleriň sany 150-den gowrak görnüşe ýetdi. Olaryň hataryna noutbuklar we planşetler, bank hem-de SIM kartlary, ýol yşyklandyryş enjamlary, ýol belgileri we gorag germewleri, köçe çyralary, şeýle hem başlangyç synp okuwçylary üçin niýetlenen noutbuklar girýär. Kärhanada şeýle saparlara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň önümçilik bilen gönüden-göni tanyşmagyna hem-de özara gyzyklanmany has takyk kesgitlemäge ýardam edýän iş görnüşi hökmünde garalýar.