«Aýdyň Gijeler» «TürkmenTel — 2026» sergisinde: Türkmenistanda öndürildi
2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Kongresler zalynda XVII halkara «TürkmenTel — 2026» sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Ol 26-njy noýabra çenli dowam eder. Bu çäre maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ýurduň esasy halkara meýdançalarynyň biri bolup, onda dürli ýurtlardan telekommunikasiýa operatorlary, IT kompaniýalary, enjam öndürijiler, alymlar we döwlet edaralarynyň wekilleri duşuşýarlar. «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti sergide öz önümçiliginiň esasy ugurlaryny görkezýär. Sergä çykarylan önümleriň ählisi Türkmenistanda öndürilendir. Ekspozisiýanyň esasy bölegini milli brendler bilen öndürilýän elektronika önümleri düzýär. Bu ýerde myhmanlar planşetler, noutbuklar, monobloklar we telewizorlar bilen tanyşyp bilerler. Aýratyn hem, birinji synp okuwçylary üçin ýörite taýýarlanan Bilimli noutbuklary uly gyzyklanma döredýär. Bu önümler arkaly hojalyk jemgyýeti çagalaryň sanly dünýäde ilkinji ädimlerini ynamly ädip başlamagyna ýardam berýär. Şeýle hem sergide Körpe telefonlary we öýde hem-de ofisde durnukly internet birikmesini üpjün edýän marşrutizatorlar görkezilýär. gi diwarlygynyň möhüm bölegini kabel önümleri eýeleýär. Olar energetika, aragatnaşyk we gurluşyk ulgamlarynyň möhüm düzüm bölegidir. Ekspozisiýanyň esasy täzeligi — gyzgyn usulda sinklemek boýunça täze önümçilik sehinde öndürilen önümleriň nusgalarydyr. Metal önümleriniň üstüne sink örtügi ISO 1461 halkara standartyna laýyklykda çaýylýar. Bu örtük metaly poslamakdan ygtybarly goraýar we metal konstruksiýalarynyň ulanyş möhletini ep-esli uzaldýar. Uzynlygy 13 metr bolan sinkleme wannasy iri ölçegli önümleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Önümçilik sehiniň ýyllyk kuwwaty 80 000 tonnadan gowrak metaly sinklemäge mümkinçilik berýär. «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda onuň umumy meýdany 5 gektardan gowrak bolan çäkde ondan gowrak önümçilik sehi hereket edýär. Bu sehlerde önümleriň 150-den gowrak görnüşi öndürilýär. «TürkmenTel — 2026» sergisine gatnaşmak ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly önümçiliginiň gazananlaryny hyzmatdaşlara we hünärmenlere görkezmäge, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalar barada gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Sizi 26-njy noýabra çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýerleşýän sergi diwarlygymyza gelmäge çagyrýarys. Ekspozisiýanyň aýratyn bölümi kart önümlerine we sanly şahsyýeti tassyklamak tehnologiýalaryna bagyşlanýar. Bu ýerde bank kartlary, SIM kartlar we şahsyýet (ID) kartlary görkezilýär. Olary öndürmek ýokary takyklygy we ygtybarly gorag tehnologiýalaryny talap edýär. Hojalyk jemgyýeti bu tehnologiýalary öz önümçiliginde üstünlikli özleşdirdi. Şeýle hem bu bölümde banklarda, söwda we hyzmat ediş ulgamlarynda gündelik ulanylýan termokagyz önümleri görkezilýär. Sergi diwarlygynyň möhüm bölegini kabel önümleri eýeleýär. Olar energetika, aragatnaşyk we gurluşyk ulgamlarynyň möhüm düzüm bölegidir. Ekspozisiýanyň esasy täzeligi — gyzgyn usulda sinklemek boýunça täze önümçilik sehinde öndürilen önümleriň nusgalarydyr. Metal önümleriniň üstüne sink örtügi ISO 1461 halkara standartyna laýyklykda çaýylýar. Bu örtük metaly poslamakdan ygtybarly goraýar we metal konstruksiýalarynyň ulanyş möhletini ep-esli uzaldýar. Uzynlygy 13 metr bolan sinkleme wannasy iri ölçegli önümleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Önümçilik sehiniň ýyllyk kuwwaty 80 000 tonnadan gowrak metaly sinklemäge mümkinçilik berýär. «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda onuň umumy meýdany 5 gektardan gowrak bolan çäkde ondan gowrak önümçilik sehi hereket edýär. Bu sehlerde önümleriň 150-den gowrak görnüşi öndürilýär. «TürkmenTel — 2026» sergisine gatnaşmak ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly önümçiliginiň gazananlaryny hyzmatdaşlara we hünärmenlere görkezmäge, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalar barada gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Sizi 26-njy noýabra çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýerleşýän sergi diwarlygymyza gelmäge çagyrýarys.