


«Aýdyň Gijeler» HJ Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Stambulda Halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan iki ýurduň resmi düzümleriniň kömegi bilen guralan bu giň möçberli çäre Türkmenistanyň senagat kuwwatyny görkezmäge we işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Sergä gurluşyk materiallary we dokma önümçiliginden başlap, IT-tehnologiýalaryna we maşyn gurluşygyna çenli dürli pudaklara wekilçilik edýän onlarça türkmen kärhanasy gatnaşýar. «Aýdyň Gijeler» HJ ekspozisiýasy «Aýdyň Gijeler» HJ sergide öz önümleriniň giň görnüşini buýsanç bilen hödürleýär, şol sanda: • SIM-kartlar we bank kartlary - halkara howpsuzlyk standartlary boýunça çykarylýar, döwlet we bank pudagynda giňden ulanylýar; • Kabel önümleri - dürli maksatly mis we alýumin kabeller: güýç, telefon, telekommunikasiýa; • Termal kagyz - bankomatlar, kassalar we POS-ulgamlary üçin dürli formatdaky rulonlar; • Monobloklar we planşetler - kärhananyň esasynda işlenip toplanan häzirki zaman hasaplaýyş enjamlary bilimde, edaralarda we ofislerde ulanylýar. • Dürli maksatly diregler (sütünler) - elektrik geçiriji, köçe yşyklandyryş liniýalary we wideo gözegçilik kameralary üçin öz önümçiliginiň metal gurluşlary; • Yşyklandyryş çyralary - daşarky we içerki ulanmak üçin tygşytly we çydamly çözgütler; • Svetoforlar - ýol hereketini guramak üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman signal enjamlary. Sergi, önümlerimiziň hilini we işleýşini giň tomaşaçylara görkezmek, şeýle hem täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Kompaniýa hakynda «Aýdyň Gijeler» HJ — 2016-njy ýyldan bäri ýokary tehnologiýalar ulgamynda işleýän türkmen önümçilik kompaniýasy. Işiň esasy ugurlary SIM-kartlary, plastik bank kartlaryny, kabelleri (mis we alýumin), termal kagyzlary, şeýle hem monobloklar we planşetler ýaly elektron enjamlaryny ýygnamagy öz içine alýar. Kompaniýa Türkmenistanyň döwlet edaralary we guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, olary häzirki zaman tehniki talaplaryna laýyk gelýän ygtybarly we kepillendirilen önümler bilen üpjün edýär. Gatnaşmagyň maksady • Halkara platformasynda kompaniýanyň önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek; • Tehnologiki we işewür hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak; • Bazara gatnaşyjylardan seslenme almak; • Ösüş we hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary tapmak. Sergini gurnaýjylara we stendimiziň ähli myhmanlaryna bildirilen gyzyklanma üçin sag bolsun aýdýarys. «Aýdyň Gijeler» HJ täze tekliplere açykdyr we netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyr.