

Russiýanyň Güni Mynasybetli Dabaraly Kabul Edişlik
11-nji iýunda Russiýanyň güni döwlet baýaramçylygy mynasybetli, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynyň zalynda dabaraly kabul edişlik gurnady. Dabara döwlet edaralarynyň wekilleri, diplomatik korpus wekilleri, şeýle hem Russiýanyň uly göwrümli kompaniýalarynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň sanawyna, Türkmenistanyň öňdebarjy önümçilik kärhanalarynyň biri bolan we Russiýa Federasiýasy bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçli depginde ösdürýän we alyp barýan “Aýdyň gijeler” H.J.-niň wekilleri hem girdi. “Aýdyň gijeler” H.J.-i kabel önümçiliginde, yşyklandyryş çyra, şäher infrastrukturasynda, elektronik tehnika önümçiliginde, IT çözgütlerinde uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde, Russiýanyň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanmak, önümçiligi ýokarlandyrmak we iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegi esasy maksat edinýär. Russiýanyň önümçilik kompaniýalary we Inženerçilik kompaniýalary bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde “Aýdyň gijeler” H.J.-i ýokary tehnogiýalary Türkmenistanyň içerki bazaryna çykarmakda uly goşant goşdy. Bu bolsa iki döwletiň öz ara hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine itergi berdi. “Aýdyň gijeler” H.J.-niň agzybir işgärleriniň adyndan Russiýa Federasiýasynyň ähli ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden baýramçylyk mynasibetli gyzgyn gutlaýarys. Size dünýädäki ähli gowluklary, mundan beýläk hem durnukly ösüşi we täze sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýäris. Kompaniýanyň dabara gatnaşmagy iki ýurdyň hyzatdaşlygynyň we dost doganlygyň has-da berkemegine getirdi.