«Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýeti - IFT 2026 Halkara forumynyň baş hemaýatkäri: Türkmenistanyň sanly geljegine maýa goýýarys.
2026-njy ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri işewür toparlarynyň, halkara maýadarlarynyň we öňdebaryjy ekspertlaryň özüne çekiji merkezine öwrüldi. Şol gün hususy sektora maýa goýumlaryny çekmek boýunça "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary" (IFT 2026) atly giň gerimli Halkara forum geçirildi. «Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýeti üçin bu waka möhüm tapgyra öwrüldi: biziň kompaniýamyz diňe bir çäräniň sergi bölegine işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, forumyň Baş hemaýatkäri hökmünde hem çykyş etdi. Bu çözgüt biziň döwlet-hususy hyzmatdaşlyk strategiýasyna berk ygrarlydygymyzy we Türkmenistanyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmäge çalyşýandygymyzy nygtaýar. Sergi meýdançasynda tehnologiki artykmaçlyk. Forumyň çäklerinde giň gerimli ekspozisiýa ýaýbaňlandyryldy, bu ýerde «Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýetiniň stendi delegatlar we hormatly myhmanlar üçin özüne çekiji esasy nokatlaryň birine öwrüldi. Biz häzirki wagtda dünýäniň analoglary bilen üstünlikli bäsleşýän we elektronika pudagynda importyň ornuny tutmak maksatnamasyny durmuşa geçirýän ýokary tehnologiýaly önümleriň giň görnüşini görkezdik. Formua gelýän myhmanlaryň aýratyn ünsüni önümlerimiziň aşakdaky kategoriýalaryna gönükdirdiler: Täze nesliň kompýuter tehnikasy: Häzirki zaman monobloklary, kuwwatly noutbuklar we ergonomiki planşetler görkezildi. Ýokary öndürijiligi we häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlanýan bu enjamlar ýurdumyzyň bilim pudagynyň hem-de işewür düzümleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzüldi. Akylly kartlar we bank çözgütleri: «Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýeti maliýe pudagyny sanlaşdyrmak babatda özüniň ygtybarly hyzmatdaş statusyny tassyklaýar. Stentda bank kartlary we SIM-kartlar görkezildi, olaryň öndürilmegi iň ýokary takyklygy we halkara howpsuzlyk standartlarynyň berjaý edilmegini talap edýär. Kabel önümleri: Biz ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyndan başlap, telekommunikasiýa ulgamlarynyň gurluşygyna çenli islendik döwrebap infrastruktura üçin "nerw ulgamy" bolup durýan dürli maksatly we modifikasiýaly kabelleri hödürledik. Biziň maksadymyz we geljege göz aýlamak. IFT 2026-nyň Baş hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek diňe bir şekil ädimi däl. «Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýeti üçin bu türkmen hususy pudagynyň iri möçberli maýa goýum taslamalaryna we halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny mälim etmek üçin mümkinçilikdir. Foruma gatnaşmak bize potensial daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe netijeli duşuşyklary geçirmäge we innowasiýalary önümçilik proseslerine ornaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Biz ýokary tehnologiýalara we ýerli önümçilige maýa goýumlarynyň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin iň ygtybarly binýat bolup durýandygyna ynanýarys. «Aýdyň Gijeler» Hojalyk Jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuşyny has amatly, ykdysadyýeti bolsa has güýçli edýän önümleri döretmek arkaly öňe gitmegini dowam etdirýär. Biz forumyň guramaçylaryna çäräniň ýokary derejede geçirilendigi we stendimiziň ähli myhmanlaryna bildirilen gyzyklanma üçin minnetdarlyk bildirýäris. Geljek şu gün döredilýär we biz ony bilelikde gurýarys!