
"Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýeti Aşgabatda Halkara telekeçiler uniwersitetiniň açylyşyna gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda Halkara telekeçiler uniwersitetiniň - hünärli hünärmenleri taýýarlamak we ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasion pikirleri ornaşdyrmak üçin niýetlenen täze bilim merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Çäräniň çäklerinde, "Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýeti maglumat stendini gurnap, öz gazanan üstünlikleri we önümçilik mümkinçilikleri bilen myhmanlary tanyşdyrdy. Stende gelenler "Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýetiniň importda ornuny tutmak maksatnamasyny durmuşa geçirmekde tutýan ornyny, zawodlarda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle hem geljekde önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek barada jikme-jik maglumat aldylar. Şäher infrastrukturasyny, tehnologiki çözgütleri we elektronikany, ösdürmäge gönükdirilen innowasion taslamalaryna "Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýeti aýratyn gyzyklanma döretdi. Uniwersitetiň açylyşyna gatnaşmak "Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýeti üçin diňe bir öz üstünliklerini görkezmek pursady däl, eýsem geljekki nesilleriň kemala gelmegine goşant boldy. Şu ýokary okuw mekdebiniň diwarlarynda ýaş hünärmenler taýýarlanar, olar geljekde milli senagatyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň ösmegine goşant goşup bilerler. "Aýdyn Gijeler" Hojalyk jemgyýeti bilim başlangyçlaryna işjeň goldaw bermegi we täze bilimlere we pikirlere açyk ýaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer.