
"Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýeti Kids Expo 2025 - de: çagalaryň geljegi üçin tehnologiýalar.
2025-nji ýylyň 21-nji awgustyndan 23-nji awgustyna çenli Aşgabatda "Hemme zat çagalar üçin" atly "Kids Expo" sergisi geçirilýär. Gatnaşyjylaryň arasynda - ýurdumyzda öndürilen innowasion çözgütleri görkezýän "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýeti hem bar. Çagalaryň geljegine goşýan goşandymyz. Bu sergide "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýeti, çagalaryň gündelik durmuşyny we bilim gurşawyny gowulandyrmak üçin niýetlenen önümleri görkezýär: • okuw, ösüş we dynç alyş üçin ulanylyp bilinjek elektron enjamlary (planşetler, monobloklar, telewizorlar); • mekdeplerde, çagalar baglarynda, howlularda we oýun meýdançalarynda howpsuz we amatly şertleri üpjün edýän täze nesil yşyklandyryş ulgamlary; • şäher infrastrukturasy babatynda häzirki zaman çözgütleri - svetoforlardan we ýol belgilerinden başlap, howpsuz duralga toplumlaryna çenli; • okuw we ösüş merkezlerini ygtybarly birikdirmek üçin kabel önümleri. Kompaniýanyň önümçiliginiň her bir ugry çagalaryň howpsuzlygy, rahatlygy we ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşykly ýokary hilli we dowamly çözgütleri döretmäge gönükdirilendir. Geljege göz aýlamak. "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýeti önümçiligi ösdürmegi, täze çözgütleri ornaşdyrmagy we halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi dowam etdýär. Türkmenistanyň çagalarynyň durmuşyny howpsuz, amatly we gyzykly edýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen gurşalyp ösmegi biziň üçin möhümdir. "Kids Expo 2025" biziň geljege - çagalaryň we olaryň bagtly çagalygynyň bähbidine tehnologiýalaryň işleýän geljegine bolan garaýşymyzy paýlaşýan ýene bir platforma öwrüldi.