“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagaty we önümçilik ministrligi bilen bilelikde Döwlet kärhanasy “Aýdyň gijeler” Hojalyk jemgyýeti döredildi we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ylmy taýdan esaslandyrylýan öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam edýär. 
Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk ministrligi 49% paýyny eýeleýän we telekeçi H.B.Abdurahmanow 51% esasy paýyny eýeleýän bolup “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetini döretdiler. Türkmenistan boýunça ýokary tehnologiýaly we döwrebap elektroniki enjamlaryny öndüriji öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.
    “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri önümçilik ukyplylygyny ösdürip gelýär. Önümçilik sehleriň eýeleýän ýeri 4.7 gektar bolup Türkmenistan boýunça uly önümçilik meýdany hökmünde tanalýar. Şu güne “Aýdyň Gijeler” HJ önümçiligiň görnüşlerini artyrmak maksady bilen 7 sany önümçilik sehi dolandyrýar. Bu sehlerde 18 görnüş elektrotehnika enjamlary öndürilýär.

cert

Dolandyryş

"Aýdyň Gijeler" hojalyk jemgyýeti döwrebap iş ýerleri bilen üpjün edilen.

“Aýdyň Gijeler” HJ-niň iş dolandyryş ofisiniň ýokary tehnologiýaly iş enjamlary bilen üpjün edilen. Işgärleriň iş tejribesini ýokarlandyrmak we artdyrmak kärhanamyzyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Işgärleriň zähmet çekmesi üçin hemme mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.

Edaramyz 26 doly üpjünçilikli iş otaglary we ýokary tehnologiki ýygnak otagy bar.

Önümçilik Sehleri

"Aýdyň Gijeler" hojalyk jemgyýeti şu güne çenli uly göwrümli we doly enjam üpjünçilikli 7 sany önümçilik sehlerine eýedir. 

   "Aýdyň Gijeler" HJ-niň önümçilik sehleri 

döwrebap we tehnologiki enjamlary bilen üpjün 

edilen. Korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçiligi syýasatyna ygrarly bolmak bilen, "Aýdyň Gijeler" HJ daşky gurşawa ideg etmegi, önümçilik, jemgyýetçilik saglygy üçin halkara daşky gurşaw ülňülerini berjaý etmegi zerur hasaplaýar.

   Önümçilik sehleri:

1.   LED lampa sehi - 2016 ýyl.

2.  Smart Telewizor sehi - 2017 ýyl.

3.  Smartfon we öýjükli telefon sehi - 2018 ýyl.

4.  Kondisioner we suw sowadyjy sehi - 2018 ýyl.

5.  Kompýuter önümçilik sehi - 2019 ýyl.

6.  Plastik kart sehi - 2022 ýyl.

7.  LED swetofor we ýol yşaratlar sehi - 2022 ý.

   Biz halkymyz üçin döwrebap we täze önümçilik görnüşlerini artdyrmak üçin işimizi başa goýýarys.

Önümlerimiz

"Aýdyň Gijeler" hojalyk jemgyýeti halkyň hyzmatynda bolup ekologiki taýdan arassa we döwrebap enjamlaryny öndürýär.

“Aýdyň Gijeler” HJ şu güne çenli elektrotehniki enjamlaryň öndürilen sany 60 mln enjamdan gowrak.

Önümçilik linýasy:

1. LED lampalary we asma yşyklandyryjylary.

2. LED prožektorlary we torşerleri.

3. Smart Android telewizorlary.

4. Sensorly SMART telewizorlary.

5. Smartfonlar. 6. Öýjükli telefonlar.
7. Planşetleri. 8. Monobloklar.
9. Routerler. 10. Kommutatorlar.
11. Kondisionerler. 12. Suw dispenserleri.
13. Okuwçy komýuterleri. 14. Noutbuklar.
15. Netbuklar. 16. Plastik kartlary.
17. Dezinfeksiýa enjamy. 18. Swetoforlar.

Önümçilik görnüşlerini ösdürmekde daşary ykdysady tehnologiýalaryny öwrenip halkymyza hödürlemegi esasy maksatlaryň biridir.

Hünärmen işgärler

"Aýdyň Gijeler" hojalyk jemgyýeti ýokary tejribeli hünärmenler işleýär. 

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti 2016-nji ýyldan bäri önümçilik tejribesini ösdürmegine uly üns berýär. Täze tehnologiýalary öz halkymyza hödürlmek üçin öz işgär hünärmenlerimizi daşary ýurt partnýorlarymyza, iş tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen, hünärmen işgärlerimizi okuwa iberýäris.

Işgärleriň amatly işlemegi üçin “Aýdyň Gijeler” HJ ähli zerur şertleri döretdi. Döwrebap önümçilik sehleri ekologiýa we zähmet howpsuzlygy boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär, edara rasional tertipde gurnalan. Şeýle hem zawodyň işgärleri üçin amatly naharhana, lukmançylyk bölümi we awtoulag gatnawlary göz öňünde tutulýar. Işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli ýörite bilim programmalary geçirilýär.

Partnýorlar

Sanly ulgamynyň enjamalaryny öndürýän öňde baryjy kompaniýalaryň hatarynda.